Sepleriň elýeterliligi

Urumçyda bidüzgünçilikler dowam edýär


Bazar güni Hytaýyň Sinjaň welaýatynyň paýtagtynda, uýgurlaryň gozgalaňy netijesinde 156 adamynyň ölmegi we 800-den gowragynyň ýaralanmagyndan soň, Urumçyda ýaragly topar ýöriş edip başlady.

Urumçyda ýaşaýan hytaýlylar, türk dilinde gepleýän uýgurlaryň dükanlaryny dargadanlarynda, bidüzgünçilikler möwç alypdyr. Protestlerde 1400 adamynyň tussag edilendigi habar berildi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Nawi Pillaý, uly möçberde adam pidalary hakynda duýduryş berip, taraplary asudalyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG