Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada rus-amerikan biznes forumy geçirildi


Moskwada rus-amerikan biznes forumy geçirilip, onda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşylypdyr.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama, amerikan kanunlarynyň täzelenmändigi üçin Russiýa bilen söwdada milliardlarça dollaryň ýitirilendigini aýdypdyr. Hususan-da, 1974-nji ýylda kabul edilen Jekson-Wenik atlandyrylýan kanuna goşmaçany ýatyrmak üçin elde baryny etjekdigine ynandyrypdyr. Şol goşmaça, ýurda getirilýän harytlara peýdasy bolmadyk tölegler girizmek arkaly Sowet Soýuzy bilen hyzmatdaşlygy çäklendirýärdi.

Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew, Russiýanyň Dünýä Söwda Guramasyna girmek meselesini gozgapdyr. Russiýanyň lideri bu meseläniň tiz wagtda ylalaşyljagyna hem-de ýüz ugruna döreýän beýleki problemalaryň çözüljekdigine ynam bildiripdir.
XS
SM
MD
LG