Sepleriň elýeterliligi

Obama orsýetli oppozisiýa wekilleri bilen duşuşdy


Hepdäniň ikinji güni Moskwada ABŞ-niň prezidenti Barak Obama orsýetli oppozisiýa wekilleri bilen duşuşdy.

Garaşsyz syýasatçy Wladimir Ryžkowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Orsýetde demokratiýa, adam hukuklary problemalary gozgaldy.

Gürrüň hususan-da, ÝUKOS–yň işi, söz azatlygynyň çäklendirilişi, erkin saýlawlaryň ýokdugy barasynda boldy. Oppozision partiýalary hasaba almak, korrupsiýa ýaly meseleler gozgalyp, mitingleriň dargadylyşy barasynda gürrüň edildi. Barak Obama orsýetli syýasy tussaglaryň sanawy gowşuryldy.

Duşuşyga “Raýdaşlyk” hereketiniň liderleri Boris Nemsow, Garri Kasparow, “Ýabloko” partiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Mitrohin, Orsýet kommunistleriniň lideri Gennadiý Zýuganow we beýleki belli syýasatçylar gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG