Sepleriň elýeterliligi

Maýkl Jekson topraga tabşyryldy


Pop sazynyň patyşasy, 25-nji iýunda 50 ýaşynda aradan çykan Maýkl Jeksonyň hatyrasyna bagyşlanan ýatlama konserti Los-Anželesde tamamlandy.

Staples Center stadionyna aýdymçynyň janköýerlerinden müňlerçe adam ýygnanypdyr. Dünýä boýunça millionlarça adam göni efirde şol konserte tomaşa etdi.

Ondan öň Forest-Loun gonamçylygynda diňe maşgala agzalarynyň we ýakyn dostlarynyň gatnaşmagynda Maýkl Jekson topraga tabşyryldy.
XS
SM
MD
LG