Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uýgurlar - paýtagty elinden alnan halk


Welsapar: "Hytaýyň polisi we harby güýçleri bilen bolan çaknyşykda, Hytaýyň resmi çeşmelerine görä 156 adam, Halkara Uýgur Kongresiniň habarlaryna görä-de, 840 adam wepat bolupdyr."
Welsapar: "Hytaýyň polisi we harby güýçleri bilen bolan çaknyşykda, Hytaýyň resmi çeşmelerine görä 156 adam, Halkara Uýgur Kongresiniň habarlaryna görä-de, 840 adam wepat bolupdyr."

Birnäçe gün mundan öň, 5-nji iýulda Uýgurystanyň bary-ýogy 6 millionlyk uýgur ilaty 1,5 milliard ilatly Hytaýyň garşysyna baş göterdi. Uýgurystanda soňky 3 günde gozgalaňçylar bilen Hytaýyň polis hem harby güýçleriniň arasynda gandöküşikli çaknyşyklar bolup geçdi.

Gozgalaňyň anyk nämeden başlanandygy entek belli bolmasa-da, şeýle bir wakanyň gopjakdygy öňräkden bellidi. Sebäbi Günbatara gaçyp gelýän uýgrular özlerini hytaýda etniki taýdan erbet ezilýändiklerini, ýanalýandyklaryny gürrüň berýärler. Her ýylda müňlerçe uýgurlar uzak ýol söküp, agyr görgüleri görüp, syýasy gaçybatalga sorap, Gübatar ýurtlaryna gelýärler. Olaryň berýän gürrüňlerinden çen tutsaň, Hytaý häkimiýetleri gadymy uýgur halkyny hytaýlaşdyrmak, soňuna çykmak üçin yzygiderli iş alyp barýana meňzeýärler.

Uýgur hanlygynyň döreýşi

Bu iş örän gödeklik bilen edilýär. Ilkinji gezek ady biziň eramyzyň III asyryndaky ýazuw ýadygärliklerinde tutulýan uýgurlar halk hökmünde VIII asyra çenli kemala gelýärler we uýgur hanlygyny döredýärler. Ine, şeýle gadymy medeniýeti, hat ýazuwy, taryhy gahrymançylyk sahypalary bolan we dokuz-oguz türki taýpa-tire birikmesiniň içinden çykan diýlip hasaplanylýan uýgurlary millet hökmünde ýok etmek üçin totalitar Hytaý imperiýasy soňky ýarym asyryň dowamynda ähli mekirlikleri, ähli pirimleri ulanýar.

Eger-de XX asyryň başlarynda, ýagny 1905-1906-njy ýyllarda Uýgurystana syýahat edip, Turfan, Kaşgar, Urumçy şäherleri hakda gyzykly maglumatlary galdyran rus syýahatçysy V.A.Obruçewiň ”Merkezi Aziýanyň çöllüklerinde” atly kitabyny okasaň, onda şol wagt Uýgurystanyň esasy ilatynyň sünni uýgurlardan hem musulman dunganlardan ybaratdygyna göz ýetirýärsiň. Iň bärkisi soňky iki müň ýyl bäri Uýgurystanda türki dilli halklar ýaşapdyrlar, bu giňişlikler ata-baba şolara degişli. Meşhur ”Diwany Lugat at-Türk” kitabynyň awtory Mahmyt Kaşgarynyň hem hut şu ýerde ýaşap geçenligini aýtmak artykmaçlyk etmez. Uýgurystanda orta asyrlardan bäri onlarça müň salyr türkmenleri hem ýaşaýarlar.

Uýgurystanyň basyp alnyşy

Emma uzak asyrlara çeken söweşlerden soň, 1943-nji ýylda Uýgurystany Hytaýlar doly basyp alýarlar. Bu işde olara ilki Rus imperiýasy, soňra-da SSSR uly kömek edýär. Emma uýgurlar özleriniň gulçulygy bilen ylalaşanoklar. Olar öz milli kimligini, medeniýetini, dilini saklamak, millet hökmünde saklanyp galmak üçin yzygiderli göreş alyp barýarlar.

Bu göreşi gutarnykly basyp ýatyrmak üçinem Hytaý häkimiýetleri Hytaýdaky umumy sany 9 million bolan uýgurlary hytaýlaşdyrmak üçin jan edýärler. Bu ýurduň taryhy adyny üýtgedip, oňa Sin-Szýan adyny beren hytaý häkimiýetleri 1960-njy ýyllardan başlap, Uýgurystana han-hytaýlary göçürip, uýgurlaryň ata-baba ýerlerini ellerinden almak işini döwlet derejesinde ýola goýdular. Netijede ozal diňe uýgurlaryň we dunganlaryň, şeýle-de beýleki türki dilli halklaryň ýaşan Urumçy şäherinde häzir göçürilip getirilen hytaýlaryň sany uýgurlaryňkydan 5 esseden hem artyk! Urumçyda häzir 250 müňden gowrak uýgur, 1,5 million hem hytaý ýaşaýar. Uýgurystanyň ilatynyň 60%-e golaýy türki halklar bolsa-da, agressiw demografik ekspansiýanyň netijesinde ýurduň paýtagty Urumçy hytaýlylaryň eline geçdi diýerlikdir.

Bu adalatsyzlyk uýgurlaryň güýçli milli garşylygyny döredýär. Olaryň arasynda işsizlik örän ýokary derejede, olara ýokary bilim almak kyn. Düýbi Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ýerleşýän Halkara Uýgur Kongresiniň tassyklamagyna görä, hytaýlylar ýerli halka dyngysyz etniki sütem edýärler. Uýgurlaryň baş götermegine sebäp bolan ýagdaý hem şol. Hakykaty ýurduň daşyna çykarmajak bolup, indi häzirki wagtda Hytaý häkimiýetleri Uýgurystanda internet, mobil aragatnaşygyny kesdiler.

Hytaýyň polisi we harby güýçleri bilen bolan çaknyşykda, Hytaýyň resmi çeşmelerine görä 156 adam, Halkara Uýgur Kongresiniň habarlaryna görä-de, 840 adam wepat bolupdyr. Ýaralananlaryň sany 1000 geçýär we 1400 uýgur tussag edildi diýilýär. Urumçyada häzir komendant sagady girizilipdir.

Merkezi Aziýadan reaksiýa ýok

Şeýle ýagdaýda Merkezi Aziýa döwletleri bolan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň baştutanlarynyň Uýgurystandaky gandöküşiklik bilen baglanyşykly resmi beýannama bilen çykyş etmezlikleri, Hytaý häkimiýetlerini iň bärkisi adalatlylyga, uýgurlaryň milli mertebesini sylamaga çagyrmazlyklary örän geň galdyrýar.

Aýratynam Türkmenistanyň bu meselede mümkinçilikleri uly. Hytaý 2010-njy ýyldan başlap türkmen tebigy gazyny alyp başlamaly. Hytaý, Owganystan, Eýran, Yrak ýaly ýurtlar bilen gatnaşyk edilende, ol ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň we beýleki türki dilli halklaryň milli hak-hukuklary barada düýbünden dil ýarylmasa, halkara gatnaşyklarynda bu häsiýete milli ýöwsellik hökmünde baha berilmegi ahmaldyr.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG