Sepleriň elýeterliligi

Waşington: Eýrana köpräk sanksiýa girizilip bilner


ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton, eger-de Ak tamyň Eýran baradaky syýasty üstünlikli bolmasa, Waşington Tahrana köpräk sanksiýa girizmäge çagyryş edip biler diýdi.

Iýun aýyndaky prezidentlige saýlawlardan soň protestçilere görkezilen gysyşlar sebäpli, ABŞ-niň Tähran bilen bagly syýasatynyň işlemezligi mümkin diýip Klinton sözüne goşdy.

Hanym Klinton bu barada Wenezuela telewideniýesyne beren interwýusynda durup geçdi.

Düýn ABŞ-niň harby güýçleriniň ştabynyň başlygy Admiral Maýk Mullen, Eýranyň jedelli ýadro programamsy bilen bagly dialoguň wagtynyň geçip barýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG