Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň Weziristan sebitine raketa hüjümi boldy


Päkistanyň razwedka resmileriniň aýtmaklaryna görä, ABŞ-niň raketasy diýilýän hüjümde Talyplaryň Weziristan sebitindäki türgünleşik lageri nyşana alnypdyr. Şonda ýaragly söweşijilerden 6 adamynyň heläk bolandygy habar berilýär.

Şeýle hem Päkistan harbylarynyň wekili General Abbasyň mälim etmegine görä, operasiýada Swat jülgesindäki Talyplaryň komandiri molla Fazulla ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG