Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan T-90 S kysymly tanklary almagy planlaşdyrýar


“Gündogar” internet saýtynyň “Interfaks –Ural” agentligine salgylanyp ýazmagyna görä, Orsyetiň Nižniý Tagil şäheriniň eteginde geçýän 7-nji Halkara ýarag sergisinde baglaşylan ilkinji kontrakt T-90 S kysymly tanklary Türkmenistana bermek barada bolupdyr.

Rosoboroneksport kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Sewostýanowyň sözlerine görä, häzir uly bolmadyk tapgyr barada gürrüň gidýär. Kontraktyň bahasy 500 million bilen bir milliard rubl aralygynda.

Türkmenistan Orsýetden, Hindistandan we Aljirden soň “uçýan tank” atlandyrylýan T-90 S tankynyň dünýäde dördünji hyrydarydyr.

XS
SM
MD
LG