Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uly sekizligiň sammiti başlaýar


Uly sekizligiň sammitine gatnşaýan liderler ýadro ýaragy üçin çig mal öndürmegi gadagan etmek baradaky ylalaşygy işläp düzmek boýunça gepleşiklere gyssagly başlamaga çagyryş etdi.

Sammite gatnaşyjylaryň kabul eden beýannamasynda ýadro partlamalaryna girizilen maratoriýany berjaý etmäge-de çagyryş bar. Liderler geljek ýylyň mart aýynda Waşingtonda ýadro howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli halkara duşuşygynyň boljakdygyny tassyklady.

Fransiýanyň prezidenti Nikola Sarkozi: “Sammite gatnaşyjylar Eýranyň ýadro programmasy barasynda Eýran bilen gepleşiklerde üç aýyň dowamynda progress gazanmakçy. Eger ol başartmasa, dünýä liderleri bu ýagdaýa geljekde boljak dünýäniň uly 20 döwletiniň liderleriniň duşuşygynda serederler” diýdi.

Uly sekizlik şeýle-de Owgan hökümetini 20-nji awgusta bellenen prezident saýlawlarynyň adalatly we howpsuz bolmagyny üpjün etmäge çagyrdy. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda talaplara garşy alyp barýan göreşinde Päkistan hökümetine goldaw bildirdi.
XS
SM
MD
LG