Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystanynyň 330 adama höküm çykardy


Saud Arabystanynyň jenaýat sudy “Al-Kaýda” degişlilikde aýyplanýan 330 adam bilen bagly höküm çykardy. Bu ekstremistik işlerde we halkara terroristik seti “Al-Kaýda” bilen gatnaşyklarda güman edilýänleriň üstünden Saud Arabystanynda geçirilen ilkinji sud prosessidir.

Adalat ministrligi näçe adamyň aklanyp, näçe adamyň jeza çärelerine höküm edilendigini anyk aýtmady. Ýöne çykarylan hökümlerde türme tussaglygy, jerime salmak, baryp-gelmek hereketini çäklendirmek ýaly çäreleriň bardygy habar berildi. Bir adama ölüm jezasy berildi.
XS
SM
MD
LG