Sepleriň elýeterliligi

Radowan Karajiçiň üstünden sud işleri dowam eder


Bosnýaly serbleriň öňki lideri Radowan Karajiçiň üstünden sud işleri Gagada dowam etdiriler.

Karajiç 2008-nji ýylyň iýul aýynda serb häkimiýetleri tarapyndan tussag edilip, BMG-niň Gagadaky harby tribunalynyň türmesine getirilipdi. Ol BMG-niň Balkanlardaky öňki ýörite wekili Riçard Holbrýugyň sud derňewlerinden goramagy özüne wada berendigini tassyklaýar. Holbruk Karajiçiň bu tassyklamasyny inkär edipdir.

Bosnýaly serbleriň öňki lideri 1990-njy ýyllaryň ortasynda Bosnýa urşunda harby jenaýatlarda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG