Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýadaky saýlawlarda Ýudhoýono öňde barýar


Indoneziýada geçirlen prezident saýlawlarynda, deslapky maglumatlara görä, häzirki döwlet baştutany Susilo Bambang Ýudhoýono ýeňiş gazanýar.

Geçirilen pikir soralyşygyň netijelerine görä, ol saýlawçylaryň 59 prosentiniň sesini alyp biler.

Oppozisiýa lideri, öňki prezident Megawati Sukarnoputrini 26 prosent töweregi, wezipeden gidip barýan wise-prezident Ýusuf Kallini 15 prosente ýakyn saýlawçy goldapdyr.

Sesleri sanamak ýene birnäçe gün dowam eder, ýöne ikinji tapgyr saýlawlaryň bolmajakdygyny synçylar aýdýarlar.

1998-nji ýylda general Suhartonyň režimi ýykylandan soň, häzirki saýlawlar Indoneziýada prezidenti göni ses berişlik arkaly saýlan ikinji saýlawlardyr.
XS
SM
MD
LG