Sepleriň elýeterliligi

Hakerler hökümet saýtlaryna hüjüm etdi


Kompýuter sistemasynyň howpsuzlygy boýunça amerikan ekspertleri birnäçe hökümet saýtlaryna guramaçylykly hüjümiň edilendigini habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-niň we Günorta Koreanyň hususy sektorynyň birnäçe saýtyna-da hakerleriň hüjüm edendigi habar berilýär.

Bu hüjümler tapgyryny ekspertler soňky ýyllarda uly hüjüm atlandyrýarlar. ABŞ-niň içerki howpsuzlyk departamenti hüjümler faktyny tassyklapdyr, ýöne onuň haýsy obýektlere edilendigini agzamandyr.

Bu hüjümlere öňünden haýsydyr bir gurama ýa-da döwlet tarapyndan gowy taýýarlyk görlendigini Günorta Koreýanyň ýörite gulluklary belleýär.
XS
SM
MD
LG