Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Uýgurlar öz topragynda azlyk edýärmi?


Uýgur aýal Urumçynyň uly bazaryny goraýan hytaýly esgerler bilen gürleşýär, 9-njy iýul, 2009 ý.

Uýgur aýal Urumçynyň uly bazaryny goraýan hytaýly esgerler bilen gürleşýär, 9-njy iýul, 2009 ý.

Uýgurlar gadymdan bäri Gündogar Türküstanda, şeýle hem Merkezi Aziýanyň taryhynda uly yz galdyran bir milletdir. Olar 8-nji we 9-njy asyrlarda, Manžuriýa bilen Hazar Deňzi aralygynda uly regiona höküm edipdi.


Häzirki döwürde olar Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinjaň welaýatynda köpçülükde ýaşaýarlar. Şol bir wagtyň özünde uýgurlar Özbegistan, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly ýurtlarda hem azlykda bolan uly ethniki toparlardan biridir.

Uýgurlar gelip çykyşy boýunça Altaý daglyklarynda ýaşaýan bir tireden bolup, olaryň özüne mahsus medeniýeti we türki diller toparyna girýän dili bar. Olaryň saýlap alan ynanjy bolsa, Yslamyň Sunni mezhebidir.

Olar ençeme ýyl dowam eden özbaşdaklykdan soňra, 1940-njy ýylda Hytaýyň Kommunist režimi bilen konfederasiýa gurmak kararyna geldiler. Emma bu wakadan köp wagt geçmänkä, Pekin bu respublikany Hytaýyň awtonom regiony diýip yglan edip, oňa Sinjaň diýip at dakdy.

Gyrgyzystanda hereket edýän hökümete degişli däl “Ittifak” atly uýgur guramasynyň öňki ýolbaşçysy Rozymuhammet Abdulbakaýew, Azatlyk radiosyna beren gürrüňinde, “Hytaýyň uýgur regionyna Sinjaň awtonom regiony statusynyň berilmegine garamazdan, şol ýerde awtonomiýa diýlen zat ýok, uýgurlaryň hak hukugy ýok” diýip belledi. “Mao Zeodoňg tarapyndan uýgurlaryň hak-hukugy barada ýazylan hiç-hili dokument ýok. Bu sýyasy we sosial meseledir. Hytaýyň totalitar režimi uygurlaryň söz, metbugat, şahsy we dini azatlyklaryny tutuşlygyna basyp ýatyrdy. Şonuň üçin halk olara garşy aýaga galdy.”

Immigrasiýa bilen ýeňilen

Sinjaň welaýatynyň paýtagty Urumçyda 5-nji iýulda başlan bulagaýçylyk, Hytaýyň günortasynda ýerleşýän bir oýunjak kärhanasynda han hytaýlylar tarapyndan iki uýguryň öldürülenligi baradaky habardan soň ýüze çykdy.

Emma bu diňe öňem köräp duran oduň tutaşmagyna sebäp boldy. 150 töweregi adamyň ölendigi aýdylýan bu bulagaýçylyk, hakykatdan hem regionda dowam edýän dartgynlygyň nä derejede çuňdugyny aýan etdi.

Uýgur-Beritaniýa atly toparyň wekili Nizam Sametow bu dartgynlygyň sebäplerini “Olaryň dowam edýän ýagdaýdan şeýle derejede birahat bolmaklarynyň sebäbi, hökümetiň her gün we gün aşa biziň ata Watanymyza, yagny Gündogar Türküstana ýüzlerçe, hatda müňlerçe han hytaýlylary getirip ýerleşdirmegidir” diýip düşündirdi. “Şol bir wagtyň özünde biziň halkymyz iş tapanok, olar kyn günleri başdan geçirýärler.”

Sametow, Hytaýyň uýgurlara Sinjaň welaýatyndan başga, beýleki regionlarda iş teklip edilemeginiň sebäbini bolsa, ethnik toparyň bu ýerde köpçülikde ýerleşmegine garşy Pekiniň alyp barýan syýasatydygyny aýdýar.

Beýleki tarapdan geçen on ýyllyň dowamynda bu regionda ýerleşen Han hytaýlylaryň sany bolsa aşa köpeldi. Häzirki döwürde uýgurlaryň sany öz ýerleşýän regionynda şol ýere baran immigrantlardan sähelçe artyk bolup durýar.

Sametow uýgurlary öz mekanynda azlyga öwürmek baradaky aladany tankyt edýär. “Biziň regionymyzyň ýer asty baýlygynyň köplügi, şol sanda gaza we nebite eýe bolanlygy sebäpli, olar Hytaýyň beýleki regionlaryndan halky şol ýere getirmegi dowam etdirýärler. Olar ýakyn wagtda bizi şol ýerde azlyga öwürmegi maksat edinýärler” diýip Sametow aýdýar. “Emma biz muňa ýol bermeris. Sebäbi bu biziň topragymyzdyr.”

Şol bir wagtyň özünde Sinjaňda özbaşdaklyk üçin alada edýän we gizlin hereket edýän käbir toparlar hem bar, emma olara halk arasynda o diýen goldaw berilmeýär.

Seperatistleri günäkärleýiş

Ýöne Hytaýly resmiler bu bulagaýçylykda seperatist uýgur toparlaryny aýyplady. Hytaýyň Howpsuzlygy goramak boýunça ministri Meňg Jianžu, Urumçyda howpsuzlyk güýçleriniň işgärlerine ýüzlenip eden çykyşynda, “ Siziň ähliňiz bu bulagaýçylygyň dartgynlygy öjükdirýän toparlar tarapyndan gurnalanlygyny bilýärsiňiz we munuň sýyasy sebäbi bar” diýdi. “Bu dartgynlyk seperatistler we seperatizma garşy bolan howpsuzlyk güýçleriniň arasynda barýar. Bu dowam edýän sýyasy tagallaryň bir bölegi.” Daşary ýurtlarda hereket edýän uýgur toparlary bolsa, bu hili aýyplamalary ret edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG