Sepleriň elýeterliligi

Amerikan harbylary 5 eýranlyny erkinlige goýberdiler


Eýranyň Yrakdaky ilçisi Hasan Kazemi Komynyň aýtmagyna görä, şu gün Amerikan harbylary 2007-nji ýylda tussag edilen 5 eýranlyny erkinlige goýberipdirler.

Ilçi olaryň Yrak häkimiýetlerine tabşyrlandygyny, tiz wagtda bolsa Eýranyň ilçihanasyna beriljegini mälim etdi.

Şaýy gozgalaňçylara ýarag kömegini berýänlikde aýyplap, Amerikan harbylary bu 5 eýranlyny 2007-nji ýylda Erbilde tussag edipdi. Eýran bu aýyplamany ret edip, diplomatlary tussag etmek bilen halkara kadalaryny bozanlykda ABŞ-ni aýyplady. Amerika bolsa, olaryň diplomat däldigini hem-de Yrakda durnuksyz ýagdaý döretmek üçin olaryň bu ýurda gelen daşary ýurt agentleridigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG