Sepleriň elýeterliligi

Eýranda adam hukuklary aktiwisti tussag edildi


Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadynyň kärdeşlerinden adam hukuklary meselesinde aklawjy bolup işleýän Muhammet Ali Dadha, Eýran häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi.

Hukuk goraýjy aktiwistler 12-nji iýundan bäri ýurt möçberinde 2 müň çemesi adamynyň tussag edilendigini habar berýärler. Olaryň arasynda akademikler, žurnalistler we studentler bar.
XS
SM
MD
LG