Sepleriň elýeterliligi

Tähranyň häkimi protestçilere berk duýduryş berdi


Tähranyň häkimi Morteza Tamaddon, rugsatsyz protestleri gurnamakçy bolýanlara berk duýduryş berip, olaryň bu tagallasynyň basylyp ýatyryljakdygyny öňe sürdi.

Şu gün oppozision lider Musawi ýurduň birnäçe şäherinde protest demonstratsiýa çykmaga çagyryş etdi. 1999-njy ýyldaky studentleriň protest demonstrasiýasy basylyp ýatyryldy. Şu gün şol wakanyň ýyl dönümini bellemäge çagyryş edildi.

Gowşan soňky maglumata görä, demonstrasiýa çykanlaryň garşysyna polisiýa göz ýaşardyjy gazdan peýdalanypdyr. Adamlar “Ölüm bolsun diktatora” diýip gygyrşypdyrlar.
XS
SM
MD
LG