Sepleriň elýeterliligi

Obama Moskwa sapary mahalynda raýat jemgyýetçiligine ýüzlendi


ABŞ-niň prezidenti Barak Obama we Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwadaky biznes sammiti wagtynda, 7-nji iýul.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama we Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwadaky biznes sammiti wagtynda, 7-nji iýul.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Moskwa bolan sapary mahalynda gepleşiklerdäki deňagramlylygy saklmak boýunça ukybyny görkezmeli boldy. Ol özüniň esasy aladalarynyň biri bolan ýadro ýaragalarynyň ýaýradylmazlygy babatda Orsýetiň goldawyny almaga gelipdi. Şeýle hem ol, Kremliň öz goňşularynyň işine goşulmak häsiýeti bilen baglanşykly Waşingtonyň aladalaryny mälim etmek isledi.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama 7-nji iýula Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin bilen birlikde ertilik nahary bilen başlady. Ol şol günini Kremliň gaýduwsyz tankytçylary bilen geçiren duşuşygyndan soň tamamlady.

Saparyň dowamynda Obama Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky kyn we çylşyrymly gatnaşyklardaky deňagramlylygy saklamaga we Moskwa bilen gatnaşyklarda Sowuk uruş döwründäki duşmançylykdan üzňe täze gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşdy.

Prezidentiň şeýle kyn meseläniň hötdesinden gelmek üçin edýän tagallalaryny, Moskwanyň Täze Ykdysady Mekdebindäki Waşingtonyň esasy daşary syýasat boýunça ýüzlenmesi diýip atlandyrylan Obamanyň çykyşynda görmek mümkindi. “Amerika güýçli, asuda we ösýän Russiýany görmek isleýär. Bu ynanç öz gözbaşyny biziň rus halkyna bolan hormatymyzdan we biziň halklarymyzyň bäsdeşlikden ötedäki umumy taryhyndan alyp gaýdýar.”

Obama “bähbitli gepleşikleri we hyzmatdaşlygy has hem giňeltmek üçin” dowamly tagallalar babatda iki tarapa hem çagyryş etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Orsýetiň adam hukuklary we demokratiýa boýunça ýagdaýyny we Orsýetiň goňşysy bolan Ukrainanyň we Gürjüstanyň içeri işlerine goşulmagyny Waşingtonyň makullamaýandygyny Obama mälim etdi. "2009-njy ýylda güýçli döwletler beýleki döwletlerde hökmürowanlyk etmek we olary abraýdan gaçyrmak arkaly öz güýçlerini görkezmeýärler."

Geçen ýyl Orsýetiň Gürjüstana çozuş etmegi Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sowamagyna eltdi. "Islendik bir döwletiň özygtyýarlylygy halkara düzgünleriň özeni bolup durýar. Ýurtlaryň öz liderlerini saýlamaga hukugy bolmaly. Olaryň howpsuz serhetlere we daşary syýasatlaryny erkin bellemäge hukuklary bolmaly” diýip Obama aýtdy. “Bu Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişli bolşy ýaly Orsýete hem degişlidir. Şol hak-hukuklary ýok etmäge çalyşýan islendik çemeleşmeler anarhiýa elter. Şol sebäpden biziň şu prinsiplerimiz Ukraina we Gürjüstan bilen bir hatarda hemme döwletlere degişli bolmalydyr.”

Çykyşyň dowamynda tankytlar bilen bir hatarda owgüler hem bardy. Obama Sowet Soýuzynyň Ikinji Jahan urşy mahalyndaky ýitgilerine hormat goýup, ruslaryň ylym we medeniýete goşan goşantlaryny öwdi.

Birleşen Ştatlary kemçiliksiz däl. Ýöne onuň syýasy sistemasy aýallara we etniki azylyklara deň hukuklylyk üçin göreşmäge we şol göreşde ýeňmäge mümkinçilik berdi diýip, Obama belledi. “Ýurduň garaşsyz metbugaty korrupsiýanyň üstüni açdy. Güýçli saýlawlar liderlere jogapkärçilik ýükledi.”

“Aňsat bolmaz”

Şeýle hem Obama rus halkyna ýüzlenip, rus hökumeti bilen gatnaşyklary täzeden ýola goýmagyň özüniň üýtgediş syýasatynyň diňe bir aspektidigini belledi. "Öňki garşydaşlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak aňsat bolmaz. Bizin hökümetlerimiziň we býurokratiýalarymyzyň arasyndaky bar bolan häsiýetleri üýtgetmek kyn. Emma men asrymyzy şekillendirjek düýpli meselelerde amerikanlaryň we ruslaryň umumy bähbitleriniň bardygyna ynanýaryn."

Obamanyň Praga we Kairdaky el çarpyşmalar bilen arasy üzülüp eden çykyşlaryna garanyňda, onuň Moskwadaky diňleýjileri köplenç halatda sessizlik bilen diňlediler. Studentler prezidentiň 31 minutlyk çykyşyndan soň el çarpyşdylar.

Orsýetiň esasy telekanallarynyň hiçisi Obamanyň çykyşyny efire bermediler. Onuň çykyşyny diňe Westi-24 atly ruslaryň arasynda meşhur bolmaýan kabel kanaly görkezdi.

Uzak we dürli hasiýetli gatnaşyklar

Öz çykyşyndan öň, Obama planlaşdyrylan bir sagadyň ýerine iki sagadyň dowamynda premýer ministr Wladimir Putin bilen duşuşdy. Ol köpler tarapyndan Orsýediň ‘de facto’ baştutany hasaplanýar.

Öz çykyşyndan öň, Obama iki sagatlap premýer ministr Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Habarçylara beren beýanatynda, Obama Orsýetiň ykdysadýyetini dikeltmekdäki Putiniň roluny öwüp, özara hormat we konsultasiýa üçin çagyryş etdi.

Öz gezeginde Putin, Obamanyň Ak tamdaky döwründe rus-amerikan gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine umyt edýändigini aýtdy. "Rus –amerikan gatnaşyklary uzak taryha we dürli häsiýetlere eýe. Biziň gatnaşyklarymyzyň gülläp ösen ýyllary, garaňky, hatda garşylykly döwürleri hem boldy. Biz ösüş baradaky umytlarmyzy siziň adyňyz bilen baglanyşdyrýarys."

Birinji gün Amerikanyň presidenti ýaraglanyşa gözegçilik etmek, Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmalaryny togtatmak, şeýle hem Al-Kaýda bilen göreş we Owganystandaky Talyp güýçlerine garşy göreş meseleleri barada öz kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen pikir alyşdy.

Oppozisiýa bilen duşuşyk

Obama ikinji günüň ikinji ýarymynda graždan jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnalan konferesiýa gatnaşdy. Agşam Obama bir sagadyň dowamynda öňki küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow we Birlik hereketiniň düýbini tutan Boris Nemsow bilen duşuşdy.

Oppozisiýa wekili Wladimir Ryžkow Azatlyk radiosyna beren beýanatynda, Orsýetdäki graždan jemgyýetçiligi meseleleri barada ABŞ-niň islendik beýleki prezidentlerinden Obamanyň has köp gürrüň edendigini belledi.

Ryžkowuň aýtmagyna görä, Obama önki Ýukosyň azatlykdan mahrum edilen başlygy Mihail Hodorkowskiý, pikir azatlygy we ýygnanyşmak hukugynyň basylyp ýatyrylmagy hem-de bäsleşikli saýlawlar babatdaky meseleleri gozgady. Şeýle hem Ryžkow, syýasy tussaglaryň sanawy bilen Kasparowyň Obamany tanyşdyrandygyny mälim etdi.

Nemsow Obamanyň özlerini sabyr bilen diňländigini, emma Obamanyň Orsýetiň liderleri bilen işleşmäge dowam etmelidigini aýtdy. Nemsow bu garaýyşa ‘ýerlikli pozisiýa’ diýip, Orsýetdäki demokratiýa üçin göreş ruslar tarapyndan alnyp barylmaly diýdi. "Orsýeti korrumpirlenen býurokratiýadan azat etmek Obamanyň borjy däl, bu biziň borjumyz. Bu biziň göreşimiz. Emma biz Amerikanyň beýik bir liderdigine ynanýarys we prezident Obama hem Orsýetiň nähili syýasy sistemadadygyny bilmeli. Biz hem Amerika bilen gatanşygymyzy güýçlendirmeli.”

Obama şol günüň ertesi irden, Rimde geçiriljek G-8 ýurtlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýola çykdy.
XS
SM
MD
LG