Sepleriň elýeterliligi

Amerikan delegasiýasy Aşgabada gelýär


Şu gün iki günlük sapar bilen ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börnsyň baştutanlygynda amerikan delegasiýasy Aşgabada gelýär diýip, TDH gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda döwletara gepleşikleri mundan beýläk hem ösdürmek meselesi boýunça türkmen-amerikan gepleşikleri geçiriler. Taraplar şol ösüşe gyzyklanma bildirýärler hem-de güýçli itergi berýärler.

ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul etmegine garaşylýar diýlip, maglumatda bellenipdir.
XS
SM
MD
LG