Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 50-den gowrak adam öldi


Yrakda edilen zorluklar netijesinde 50-den gowrak adam öldi. Hepdäniň dördünji güni ýurduň demirgazygyndaky Tal-Afar şäherinde janyndan geçenleriň amala aşyran iki hüjüminde, azayndan 35 adam heläk bolupdyr. Ynsan ölümine getiren partlamalar tapgyry dördünji gün Yragyň paýtagty Bagdatda-da boldy.

Bu zorluk aktlary iýun aýynyň ahyrynda amerikan goşunlary Yragyň şäherlerinden çykarylaly bäri bolan iň ganly wakalardyr.

Häzir Yrakda 130 müň amerikan harby gullukçysy bar. Olar 2011-nji ýylda ýurtdan çykarylmaly.
XS
SM
MD
LG