Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň edaralary Barak Obamany gutlady


BMG-niň azyk paýlamak bilen meşgullanýan edaralary, ABŞ-niň prezidenti Barak Obamanyň dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň oba hojalygynyň ösmegine kömek bermek baradaky planyny gutlapdyrlar.

“Çynlakaý özgerişler barada gürrüň gidýär. Şolar amala aşyrylsa, açlyk problemasyny çözmäge ýardam eder” diýip, oba hojalygyny ösdürmek boýunça Halkara fonduň baştutany Kanaýo Nwanze aýtdy.

Barak Obama öz planyny uly sekizligiň sammitine şu gün hödürlemeli. Öz-özüni azyk bilen eklär ýaly dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň oba hojalyk sektoryna uzak wagtlyk inwestisiýa üçin 15 milliard dollar möçberinde pul goýberiler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG