Sepleriň elýeterliligi

Leningradskiý demirýol wokzalynyň ady heniz üýtgedilmedi


Moskwanyň Leningradskiý demirýol wokzalynyň adyny üýtgedip, oňa Nikolaýewsk adynyň berilmegi barasynda karar heniz kabul edilmedi diýip, Orsýetiň demirýollary korporasiýasynyň resmi beýannamasynda bellenipdir.

Mundan öň "Korporasiýanyň prezidenti Wladimir Ýakunin degişli permana gol çekdi" diýip, korporasiýanyň wekili agentliklere beren interwýusynda aýdypdy. Anyklanan maglumatlara görä, wokzalyň adyny üýtgetmek meselesi häzir diňe maslahatlaşylýar.

Leningradskiý wokzalyna taryhy adynyň gaýtarylyp beriljekdigine Orsýet kommunistleri protest bildiripdir.
XS
SM
MD
LG