Sepleriň elýeterliligi

Raketa goranyş sistemasy boýunça Waşington Moskwa bilen işleşmäge taýýar


Polşada we Çehiýada raketadan goranyş sistemasyny ornaşdyrmak plany bilen bagly nägilelikleri aradan aýyrmakda Waşington Moskwa bilen doly hyzmatdaşlyga ýykgyn edýär diýip, ABŞ-niň raketadan goranmak boýunça agentliginiň baştutany general Patrik O Reýli aýtdy

“Raketadan goranyş sistemasy boýuça bilelikdäki karara alyp geljek gepleşikleri prezident Obamanyň administrasiýasy Moskwa bilen alyp barmakçy”- diýip, general Roýters agentligine beren inrewýusynda belledi.

Ýadro arsenallaryny azaltmagyň ýollary Moskwa bilen bilelikde işlenip düzülýän wagty, O Relliniň beýannamasy peýda bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-niň tutup alyjy raketalary Polşada, güýçli radiolokasiýa stansiýasyny Çehiýada ornaşdyrmak boýunça öň yglan eden planlary-da dykgat bilen öwrenilýär. Şol planlara Moskwa garşy.
XS
SM
MD
LG