Sepleriň elýeterliligi

Eýranda protest aksiýasyna çykdylar


Eýran häkimiýetleriniň girizen gadaganlygyna garamazdan, reforma tarapdary demonstrasiýaçylar hepdäniň dördünji güni protest aksiýasyna çykdy. Polisiýa olaryň garşysyna göz ýaşardyjy gaz ulanyp, demonastrasiýany dargadypdyr.

Olar 10 ýyl mundan öň Eýran paýtagtynda dargadylan studentler manifestasiýasynyň ýyl dönümi bilen bagly miting geçirmek üçin Tähran uniwersitetine ugrapdyrlar.

Gowuşan maglumatalaraa görä, demonstrasiýaçylaryň käbiri “Diktatora ölüm” diýen aýdyma-da gygyrypdyr.

Eýran häkimiýetleri täze köpçülikleýin aksiýalary gazaply basyp ýatyrýar.
XS
SM
MD
LG