Sepleriň elýeterliligi

Türkmen - arap gatnaşyklary nämäniň habarçysy?


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýanyň paýtagty Ammana sapary wagtynda, 29-njy iýun, 2009 ý.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýanyň paýtagty Ammana sapary wagtynda, 29-njy iýun, 2009 ý.

Geçen aýyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýa eden ilkinji sapary bilen türkmen gatnaşyklarynyň arap ugruny ösdürmegiň ýollaryny anyk görkezdi. Bu hereketler ýurdy ýedi gulpuň aşagynda saklamagy gowy gören Nyýazowyň syýasatyndan göz-görtele tapawutlanýar.

Berdimuhamedow araplar bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça aktiwleşdirmäge çalyşýar. Iki ýarym ýylyň içinde bu işiň esasy ugurlary göze ilip başlady. Türkmenistanyň gatnaşyklaryny pugtalandyrýan arap ýurtlary aram hem ABŞ bilen ýakyn, ysnyşykly gatnaşykdaky ýurtlar. Olar Iordaniýa, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany.

Umumylyk

Bu sanawda ýene bir umumylyk bar. Agzalan ýurtlar Ysraýyl bilen aktiw gatnaşyk saklaýarlar. Iordaniýanyň we Müsüriň Ysraýyl bilen ilçiler derejesinde diplomatiki gatnaşyklary bar. Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany Ysraýyl tarapy bilen resmi däl derejede kontakt saklaýar.

Eger Türkmenistan Siriýa bilen öz gatnaşyklaryny ösdürsedi, onda ýaňky aýdylany tötänlik atlandyrsa bolardy. Ýok, Türkmenistanyň Siriýa bilen kontakty ýok diýerlik. Belki Siriýanyň Ysraýyl hem ABŞ bilen yzygiderli dartgynly gatnaşyklary üçin şeýledir?

Ýiti ýagdaýlardan daşda duruş

Synçylaryň pikiriçe, Türkmenistan radikal, ýiti ýagdaýlardan daşda durmaga çalyşýar. Munuň hem özüne ýeterlik sebäpleri bar. Birinjiden, ep-esli wagt mundan öň emele gelen güýçleriň mynasibetini türkmen ýolbaşçylary döwmäge, dargatmaga ýykgyn edýär. Mälim bolşy ýaly Türkmenistan yzygiderli bir merkeziň - Moskwanyň gözegçiliginde bolup geldi. Berdimuhamedow täze çig mal bazarlarynyň gözleginde böküş etdi. Şeýdip, Eýran peýda boldy, onuň yzyndan Hytaý ugry.

Türkmenistanyň çig maly bilen ilkinji gezek Orsýetden sowa ýollar arkaly özüne nebit-gazy alternatiw ugurlar bilen getirmek isleýän Ýewropa gyzyklandy. Sözüň şu manysynda Aşgabadyň özüne esas edinen köpugurlylyk, diwersifikasiýa prosessi arap dünýäsini hem oňa çekýär. Bu bolsa türkmen çig mal bazary ugrundaky ýaryşda deňagramlylyk üçin gerek. Bu bazarda şular ýaly her bir ynamdar hyzmatdaş türkmen tarapyna beýleki hyzmatdaşlaryna täsir eder ýaly goşmaça gural berýär. Beýleki hyzmatdaşlarynyň dil açmagyna getirýär, olaryň öňki hötjetligini, gedemligini peseldýär.

Orsýet tarapynyň şunuň ýaly durnuksyz gylyklary öňki ylalaşyklaryň bozulmagyna birnäçe gezek sebäp bolup, ondan Türkmenistan hakyky zyýan çekdi.

“Içerki syýasat daşarkydan yzda”

Synçylaryň pikiriçe, türkmen prezidentiniň daşarky ugry ösdürmek boýunça alyp barýan häzirki işleriniň depgini ýurduň içerki durmuşyndan has aktiw hem öňde. Içerki durmuşda-da käbir özgerişleriň bardygyny belleýän analitikler, eger ýurduň içinde reformalar daşarky ugur ýaly aktiw hem güýçli depgin bilen alnyp barylsa, Türkmenistan uly utuş gazanardy diýen pikirde.

Şeýle edilse, diňe bir döwlet däl, graždanlar hem özgerişiň hakyky özgerişler şemalyny açyk duýardy. Muňa bolsa, Nyýazowyň gulçulygyndan soň türkmen halky wadalarda ýa-da geljekde däl-de, şu gün, hut häzir mynasyp.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG