Sepleriň elýeterliligi

Urumçyda gadagançylyga garamazdan metjitler açyldy


Hytaýyň Sinjaň regionynda ýerleşýän Urumçy şäherinde, Hýtaý häkimiýetleri tarapyndan Juma namazy üçin metjitlerde ýygnanmaga gadagançylyk girizilendigine garamazdan, käbir metjitlerde Juma namazynyň okalandygy habar berilýär.

Maglumatlara görä, metjitleriň ýanyna ýüzlerçe musulman ýygnanyşandan soň, iň iri metjitleriň gapylary namaz üçin açylypdyr. Daňdan namazyndan soň şäherde asudalygyň saklanandygy hem habar berilýar.
XS
SM
MD
LG