Sepleriň elýeterliligi

Penşenbe güni Eýranda protest ýörişi boldy


Eýran häkimiýetleriniň girizen gadaganlygyna garamazdan, reforma tarapdary bolan demonstrasiýaçylar hepdäniň Penşenbe güni protest aksiýasyna çykdylar. Polisiýa olaryň garşysyna göz ýaşardyjy gaz ulanyp, demonstrasiýany dargadypdyr.

Bu protesler, geçen aýda prezidentlik saýlawlarynyň netijesine nägilelik bildirilip geçirlen demonstrasiýalardan soň bolan iň möhüm protest aksiýasy hasaplanýar. Emma 9-njy iýulda geçirlen proteste ýygnanşan adamlaryň sanynyň, geçen aýdaky demonstrasiýalardan bir näçe esse azdygy habar berilýar.

Gowşan maglumatalara görä, 10 ýyl mundan öň Eýranyň paýtagtynda dargadylan studentleriň manifestasiýasynyň ýyl dönümi bilen bagly köçä çykan protestçileriň käbiri “Diktatora ölüm” diýip hem gygyrypdyr.

XS
SM
MD
LG