Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 50-den gowrak adam heläk boldy


Geçen hepde ABŞ-niň harby güýçleri Yragyň şäherlerinden çykarlanyndan soň ýüze çykan zorluklar netijesinde ýurtda 50-den gowrak adam heläk boldy.

Iň iri terrorçylykly hüjüm, hepdäniň Penşenbe güni ýüze çykdy. Şonda ýurduň demirgazygyndaky Tal-Afar şäherinde janyndan geçenleriň amala aşyran iki hüjüminde, azyndan 35 adam heläk boldy. Ynsan ölümine getiren partlamalar tapgyry dördünji gün Yragyň paýtagty Bagdatda hem bolup geçdi.

ABŞ bilen Yragyň arasynda gol çekilen howpsuzlyk babatdaky ylalaşygyň şertlerine görä, iýun aýynyň 30-nda amerikan goşunlary Yragyň şäherlerinden çykaryldy.

Häzir Yrakda 130 müň amerikan harby gullukçysy bar. Olar 2011-nji ýylda ýurtdan çykarylar diýlip planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG