Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “NABUCCO” proýektine isleg bildirýär


10-njy iýulda Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň giňeldilen mejlisi geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine, parlamentiň işine, milli hasabat komitetiniň işine üns berildi we beýleki meselelere garaldy.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleriniň erbet däldigini aýdyp, edilmeli işler we kemçilikler barada hem durup geçdi.

Ýurtda harytlyk gazyň artykmaç möçberiniň emele gelendigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýagdaýda “NABUCCO” ýaly proýektleri amala aşyrmaga mümkinçiligiň dörändigini belledi.
XS
SM
MD
LG