Sepleriň elýeterliligi

Eýran halkara jemgyýetçiligine teklipleri taýýarlaýar


Eýranyň Daşary işler ministri Manuçer Mottakiniň şu günki eden çykyşynda aýdyşyna görä, Eýranyň halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşik geçirmegine esas döredip biljek ýörite teklipleri taýýarlaýar.

Eýranyň ýokary derejeli resmisiniň aýtmagyna görä, düýn öz işini tamamlan senagat taýdan ösen 8 döwletiň samminden, Eýran özüne degişli hiçbir täzeligi eşitmändir.

Uly 8-ligiň sammitinde, dünýaniň iň ösen ýurtlarynyň liderleri ýadro programmasy bilen baglanşykly gepleşiklere başlamak üçin Eýrana sentýabr aýyna çenli wagt berdiler.

Italiýanyň Lakwilla şäherinde geçirilen bu sammitde Eýran bilen bagly kabul edilen beýanatda, Eýranyň ýadro programmasyny dowam etdirmegi, hem-de ýurtda oppozisiýa tarapyndan geçirilýän çäreleriň rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylmagy dogrusynda alada bildirildi.

XS
SM
MD
LG