Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan “NABUCCO” proýektine goşulmaga taýýar


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda eksport üçin ýeterlik derejede tebigy gaz rezerwleriniň bardygyny aýtdy.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda eksport üçin ýeterlik derejede tebigy gaz rezerwleriniň bardygyny aýtdy.

Türkmenistan “NABUCCO” proýektine goşulmaga taýýardygyny, 10-njy iýulda ýurduň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup yglan etdi.

Bu barada Euronews, CNBC, GULF Daily News, CT24, Einnews, Trend Capital we Forbes ýaly halkara habar beriş serişdeleri, Reuters, AFP we Ria Nowosti habar agentliklerine we beýleki çeşmelere salgylanyp habar berdiler.

‘Ýeterlik gaz bar’

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet mediasy arkaly efire berlen 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, häzirki wagtda eksport etmek üçin ýeterlik derejede türkmen gazynyň bardygyny belläp, daşary ýurt bazarlaryna gaz ibermäge Türkmenistanyň taýýardygyny, muňa bolsa “NABUCCO” proýektiniň hem degişlidigini mälim etdi. Türkmen prezidenti ýurtda eksport üçin ýeterlik derejede tebigy gaz rezerwleriniň bardygyny ýerli geologlaryň tassyklandygyny hem sözüne goşdy.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň Hazar deňzi regionynda 6 trillion kub metr tebigy gaz rezerwleriniň bardygy aýdylýar. Şol ýerlerde gözleg-burawlaýyş işleriniň geçirilmegi üçin şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Germaniýanyň RWE energiýa kompaniýasynyň arasynda ylalaşyga gol çekilipdi.

Ankarada tranzit boýunça gol çekişiler

Duşenebe güni Türkiýäniň paýtagty Ankarada, “NABUCCO” proýektine gatnaşyjy ýurtlar bolan Awstriýa, Wengriýa, Ruminiýa, Bolgariýa we Türkiýe tarapyndan tranzit şertleri boýunça ylalaşyga gol çekiler. Bu proýektiň potensial üpjünçileriniň arasynda Türkmenistan, Azerbeýjan, Yrak, Eýran we ähtimal Russiýa görkezilýärdi.

"NABUCCO" gaz geçirijisiniň kartasy. (Ulaltmak üçin suratyň üstüne basyň)
7.9 milliard ýewro barabar 3,300 kilometrlik “NABUCCO” turbalarynyň gurluşygyna Awstriýanyň OMV, Wengriýanyň MOL, Bolgariýanyň Bulgargaz, Ruminiýanyň Transgaz, Germaniýanyň RWE we Türkiýäniň BOTAŞ ýangyç kompaniýalary gatnaşarlar. Bu proýektiň maliýeleşdirilmegi boýunça şol kompaniýalaryň her biriniň 16,67 prosentlik paýy bolar.

Hazar deňziniň tebigy gazyny Russiýadan sowa Ýewropa akdyrjak “NABUCCO” proýektiniň maksimum ukyby ýyllyk 31 milliard kub metre barabar bolar. Bu bolsa Ýewropanyň gaz zeruryýetiniň 5 prosentine golaýyna deňdir. Gaz geçirijileriniň gurluşygynyň 2011-nji ýylda başlamagyna garaşylýar. Tebigy gazyň ilkinji tapgyry bolsa 2013-nji ýylyň ahyrlaryna ýa-da 2014-nji ýylyň başlaryna akyp başlar diýlip garaşylýar.

“NABUCCO” proýektine ABŞ we ÝB-niň goldawy

Trend Capital agentliginiň habar bermegine görä, ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Metiýu Braýza bu agentlige beren beýanatynda, “NABUCCO proýektini türkmen gazy bolmazdan gurmak mümkin. Ýöne türkmen gazy bolsa has aňsat bolar” diýip belläpdir.

ABŞ-li diplomat Metiýu Braýza
Şeýle hem ABŞ-niň ýokary derejeli diplomaty Braýza, “Munuň Türkmenistan üçin uly syýasy töwekgelçiligi bar. Şol töwekgelçiligi azaltmak üçin türkmen dostlarymyza Günbatara tarap eksport ýollaryny görkezip bileris. Degişli karary almak bilen Türkmenistan girdeýjisini şu ýollar arkaly gazanyp biler” diýip nygtapdyr.

Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde Türkmenistana baran ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börns hem anna güni türkmen telewideniýesine beren interwýusynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça hem gepleşik geçirendigini aýtdy.

Ankarada gol çekilmegi planlaşdyrylýan ylalaşyga Germaniýanyň gözegçiler toparyny ibermegine garaşylýar. Ýakynda Germaniýanyň öňki Daşary işler ministri Ýoçka Fişer “NABUCCO” proýektiniň maslahatçysy edip bellenipdi. Germaniýanyň ozalky kansleri Gerhard Şröder bolsa, "Demirgazyk akym" proýekti boýunça “Gazpromy” goldamakda we oňa ýardam bermekde örän möhüm rol oýnap gelýär.

Moskwa soňky wagtlar Orsýetiň gaz proýektlerine bäsdeş diýlip hasaplanylýan “NABUCCO” gaz proýekti üçin potensial energiýa üpjünçileri bolup biljek Türkmenistany, Azerbeýjany we Eýrany, şeýle hem “NABUCCO” turbalarynyň geçjek tranzit ýurdy bolan Türkiýäni özüniň “Günorta mawy akym” proýektine gatnaşmaga çekmek ugrunda tagalla edýärdi. Ýewropa Birleşigi bolsa, energiýa boýunça özüniň Russiýa bolan garaşlylygyny azaltmak üçin, bu proýekte özboluşly bir mümkinçilik hökmünde garaýar.
XS
SM
MD
LG