Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda öňki öňki ministr öldürildi


Täjik häkimiýetleri öňki pitneçi lider hem hökümet ministriniň jeňçi toparyň agzalary tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň resmisi Ramozan Rahymow žurnalistlere Mirzo Zioýewiň 6-njy gün hökümet güýçlerine ýesir düşüp, jeňçileri yzarlamaga kömekleşmäge razy bolandygyny aýtdy. Ýöne Rahymow jeňçi toparyň agzalarynyň hökümet güýçlerine hüjüm edip, 6-njy gün Zioýewi öldürendiklerini habar berdi.

Zioýew 1990-njy ýyllarda Yslamçy pitneçileriň lideri bolupdy. Soňra ol häkimieti bölüşmek ylalaşygy esasynda Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine ýolbaşçylyk etdi.
XS
SM
MD
LG