Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Talyplar yza serpikdirildi, ýöne entek iş kän’


ABŞ-niň prezidenti Barak Obama ýaran güýçler günorta Owganystanda hüjüm edýän Talyp söweşijilerini yza serpikdirmegi başardylar, ýöne bu konflikti ýatyrmakda entek edilmeli iş kän diýdi.

Obama Britaniýanyň “Skaý Nýus” telekanalyna beren gürrüňinde öz adminstrasiýasynyň şu tomus Owganystanda gazaply söweşleriň boljagyny bilýändigini aýtdy. Ol Talyp jeňçileriniň Helmand welaýatynda amerikan we britan güýçleriniň hüjümi esasynda yza serpikdirilendigini aýtdy.

“Muňa garamazdan, bu ýurdy durnuklaşdyrmak üçin entek edilmeli iş kän, häzirki iň esasy maksat bolsa Owganystanyň geljek aýdaky saýlawlary sag-aman geçirmegine kömek etmek” diýip, prezident Obama aýtdy.
XS
SM
MD
LG