Sepleriň elýeterliligi

Owgan söweşlerinde 19 jeňçi öldürildi


Resmiler owgan polisiýasynyň we koalisiýa güýçleriniň günorta Owganystanda güman edilýän jeňçileriň 19-syny öldürendigini aýdýarlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi jeňçileriň Uruzgan welaýatynda iki sany aýry-aýry erde bolan çaknyşyklarda öldürilendigini aýtdy.

Bu wakalardan aýry, resmileriň aýtmagyna görä, Gazni welaýatynda 5-nji gün ýolda bolan hüjümde owganystanly hususy goragçylaryň 4-si öldürildi.
XS
SM
MD
LG