Sepleriň elýeterliligi

Boşadylan eýranlylar ýurda dolandy


Yrakda iki ýyldan gowrak tutulyp saklanan 5 eýranly şu gün öýlerine dolanyp geldi. Olar Birleşen Ştatlaryň güýçleri tarapyndan ýerli şaýy jeňçilerine kömek bermekde güman edilip saklandy.

Azat edilen eýranly resmileri Tähran aeroportunda uly şowhun-dabara bilen garşy aldylar. Eýranyň Daşary işler ministri Manoçehr Mottaki olary gutlady we batyrlyklary üçin öwdi.

Bu bäş adam Yragyň Erbil şäherinde tutulypdy. Amerikan häkimiýetleri olaryň Eýranyň Kuds güýçleriniň agzasydygyny we yrakly jeňçilere ýarag hem tälim berýändigini aýtdy. Eýran bu aýyplamany inkär etdi.
XS
SM
MD
LG