Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Nabukko gazyna talabyny kemeldýär


Türkiýäniň Energiýa ministri Taner Ýyldyz Türkiýe özüniň Hazar deňzi sebitinden çekilmekçi bolýan Nabukko geçirijisinden gelýän gazyň 15 prosentini satyn almak pikirinden el çekdi diýdi.

Türkiýäniň bu talaby Nabukko geçirijisini guramak baradaky ylalaşygy tamamlamakda uly päsgelçilik bolup durýardy.

Ýyldyz Roýterse beren gürrüňinde Türkiýäniň näçe prosent gaza talap bildirýändigini aýtmady. Ýöne ol Nabukko Ýewropra öz gaz ýollaryny dürlüleşdirmäge kömek eder diýdi.

Ýewropa Birleşigi we ABŞ-a tarapyndan goldanýan geçirijiniň tranzit şertnamalaryna Duşenbe güni Ankarada Türkiýe, Bolgariýa, Rumyniýa, Wengeriýa we Awstriýa tarapyndan gol çekiler.
XS
SM
MD
LG