Sepleriň elýeterliligi

Ilham Aliýew şü gün Britaniýa sapar edýär


Azerbeýjanyň prezidenti Ilham Aliýew şü gün Britaniýa sapar edýär. Onuň bu saparynyň dowamynda, Britaniýanyň premýer ministri Gordon Brown bilen hem pikir alyşmagyna garaşylýar.

Aliýewiň bu sapary, Azerbeýjanda iki internet blogçysynyň wagtlaýyn möhlet boýunça iki aý tussag edilmegi baradaky wakanyň yz ýanyna gabat geldi.

Şol internet blogçylaryndan biri, Britaniýada ýerleşýän BP kompaniýasynyň işgäri eken.

Huligançylykda-da aýyplanýan bu blogçylar, häzirki döwürde sud işlerine garaşýarlar. BP kompaniýasy öz işgäri Adnan Hajizadanyň yagdaýy bilen bagly alada bildiripdir.

Serhetsiz reportýorlar guramasy, Hajizade bilen ýaş aktiwist we blogçy Emin Milliniňi 8-inj iýulda Bakuwda ýerleşýän bir kafede ýenjilenden soň tussag edilenligini habar berdi.
XS
SM
MD
LG