Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda hiristiýanlaryň ybadathanalaryna hüjüm edildi


Yragyň paýtagty Bagdatda düýn hiristiýanlaryň ybadathanalaryna edilen hüjümlerde azyndan dört adam ölüp 32 adam ýaralanypdyr.

Adynyň agzalmagyny islemedik bir resminiň aýtmagyna görä, ölenleriň ählisi hiristiýan bolup, olar paýtagtyň gündogarynda ýerleşýän Notre Dame Atly kilisede bolan partlamada wepat bolupdyrlar.

Çaldean atly kilise nyşana alnyp, amala aşyrylan partlamada bolsa 21 adam ýaralanypdyr. Olardan 15-isiniň hiristiýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG