Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Swatda asudalyk ornaşmaga başlady


Päkistanyň harby ýolbaşçylary, bu ýurduň Swat jülgesinde Talyplar bilen harby güýçleriň arasynda çykan çaknaşyk zerarly öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýaşaýjylaryň, şü günden başlap öýlerine dolanmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Mälim bolşuna görä, aprel aýyndan bäri Swat we onuň töwereginde ýerleşýän obalaryň 2 million töweregi ýaşaýjysy öýlerini terk edipdiler.

Päkistanyň harby güýçleri Talyplary Swat jülgesini terk etmäge mejbur edendiklerini aýdýarlar. Emma muňa garamazdan regionda kiçi göwrümli çaknaşyklaryň heniz hem wagtal-wagtal ýüze çykýanlygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG