Sepleriň elýeterliligi

“Indiki synanyşjak ýerim Pariž bolar”


Mommak Kuly: "Türkmenistanyň adyny çykaryp ýörenime özüm gaty begenýän."

Mommak Kuly: "Türkmenistanyň adyny çykaryp ýörenime özüm gaty begenýän."

Golaýda Mýunhen şäherindäki Ýewropa patent ofisinde “Formadaky we konstruksiýadaky struktura” atly sergi açyldy. Bu sergä türkmen hudožnigi Mommak Kuly hem gatnaşdy. Bu barada onuň bilen Türkmen gullugyndan Hudaýberdi Hally söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Ol nähili segri? Kim ony guraýar?

Mommak Kuly: Ony Ýewropanyň patent ofisi guraýar. Ol ýerde bütin Ýewropadan dört müňe golaý adam işleýär, ýagny Germaniýanyň özünden, Italiýadan, Fransiýadan, Belgiýadan, Gollandiýadan we beýleki ýaňy Ýewropa Birleşigine giren ýurtlardan adamlar işleýär. Şo taýda men ine şu sergime iki ýylyň dowamynda garaşdym we altmyşa golaý täze işlerimden goýdum. Işlerim diýseň adamlary gyzyklandyrdy. Menem oňa gaty begenýän, özümiň – türkmeniň şu taýda, Ýewropanyň edil ýüreginde diýsegem ýalňyşmarys, türkmeniň adyny, Türkmenistanyň adyny çykaryp ýörenime özüm gaty begenýän.

Azatlyk radiosy: Şol altmyşa golaý işleriň ählisi täze işlermi ýa-da öňki köne işleriňdenem barmy?

Mommak Kuly: Ýok. Hemmesi täze işler. Men her sergime elmydama täze işlerimden goýýan. Ýöne elbetde, kiçiräk sergilerde, başga sergilerde men köne işlerimdenem goýýan. Ýöne şu sergide hemmesini men täze işlerimden goýdum. Ine, aýdaly, mysal üçin “Aşyr däliniň 22 hekaýasyndan” diýip bir seriýa – tapgyr bar, ol linograwýuradan, şolardan 17 sany linoliumda kesilen grafiki işler, otuza golaý täze ýagly hem akwarel boýaglar bilen edilen işler hem afort tehnikasynda edilen grafiki işler bar.

Azatlyk radiosy: Mommak, seniň öň birnäçe gowy işleriň bardy. Meselem, “Ýat şäherde awtoportretim” diýen ýaly işleriň göz öñümden gidenok. Şol işleriň ykbaly nähili boldy? Olar Türkmenistanda galdymy ýa-da şahsy kolleksiýalardamy?

Mommak Kuly: Ýok, ýok. Men ol işlerimiň hemmesini diýen ýaly alyp geldim şu taýyk. Bärde. Ýöne Türkmenistanda galan işlerimem gaty köp. Hawa, ata Watanda. Elbetde, bir gün Alla hak ýol berse, men bärdäki işlerimem ata Watana ýetirsem. Ýöne, Hudaýa şükür, meniň işlerimden eýýäm sungata gyzyklanýanlaryň ýygyndylary bar. Olardan käbiri: “Öýümiň adyny “Mommagyň muzeýi” diýip atlandyrýan” dýýänlerem bar. Elbetde, bu meni gaty begendirýär. Olar köp işlerimi öýünden asyp goýupdyrlar.

Azatlyk radiosy: Günbatarda nähili tematiki işler gowy görülýär?

Mommak Kuly: Ol hudožnigiň özüne bagly. Ýöne mende bir uly tema diýen zat ýok. Men işlerimi türkmen nagyşlary bilen, türkmen gyz-gelinlerimiziň geýim-eşikleriniň reňkleri bilen, Türkmenistanyň howasy – tebigaty bilen baglanyşdyryp edýän. Işlerim, elbetde, aýtsak realizm däl-de, abstrakta golaý, ýöne edil abstrakt diýsegem ýalňyşýas. Sebäbi o taýda entäk figuralary tanasa boljak. Ýöne meniň işlerim türkmen haly sungaty hem türkmen gelin-gyzlarymyzyň çekýän keşdeleri bilen baglanyşykly.

Işiňi sergä çykarmak bu taýda öňki Sowet sistemasyndaky ýaly däl-dä. Bu taýda bir zaly aljak bolsaň, sponsor tapmaly, oňa uly pul tölemeli. Şonuň üçin materil ýagdaýy kynrak bu taýda. Öňünden arza bermeli. Onsoň azyndan birki ýyl-a garaşmaly. Sebäbi bärde garaşyp durnalaryň sany kän. Konkurensiýa bärde gaty uly. Mýunhende bir ýarym million adam ýaşaýar, şonuň ýüz elli müň sanysy-ha özüni hudožnik hasap edýär. Onsoň konkurensiýa gaty uly, oňa gürrüň ýok hem gaty kyn.

Ine, şu Ýewropa patent ofisinde ýylda üç sergi edilýär, her sergem üç aý dowam edýär. Ýüz sany adam o taýa araza berse, garaşmaly-da, kän garaşmaly. Onsoňam dogrusyny aýtsak, hudožnigiň ýagdaýy hemişe kyn-da. Çykaran puluňy ödejekmi-ödemejekmi, ol-da bir mesele. Ýöne men-ä dogrusyny aýtsam, sergi edenimde puly hakynda gürrüň edemok. Eger tapsam, sponsorym kömek edýär, ýögsa-da özümden çykaryp, şol çykaran pulum ödelse-de, ödelmese-de eger Türkmenistanyň adyny çykarsam, men şoňa gaty begenip ýörün.

Azatlyk radiosy: Diýmek, sen öz işleriň iller tarapyndan görülmegini isleýäň-dä?

Mommak Kuly: Hawa. Çeken suratlarymyň halk tarapyndan görülmegini isleýän hem türkmen sungatyny tanatmak isleýän, şoňa-da gaty begenýän.

Azatlyk radiosy: Mommak, ýeri gelende, ýene bir zat sorasym gelýär.

Mommak Kuly: Hawa. Sora.

Azatlyk radiosy: Ýene Türkmenistana ýüzlensek, Hoşgeldi Şahberdiýewiň işleri bardy. Ol neresse biziň aramyzdan gaty ir gitdi. Soň maşgalasynyň aýtmagyna görä, Hoşgeldi Şahberdiýewiň işleri bilen Germaniýalty sungaty öwrenijiler gyzyklanypdyrlar. Soňky döwürde bolsa Tokar Tugurow aradan çykdy. Onuň işlerem Günbatarda tanalýardy. Ine, şolar ýaly aramyzdan giden, ýöne Günbatar tarapyndan üns berilýän işleriň sergisini gurap bolarmy?

Mommak Kuly: Ol mesele ýaňky aýdyşym ýaly-da. Olaryň ikisem biziň golaý doganymyz diýsegem bolýar. Hoşgeldi Şahberdiýew hem-de Tokar Tugurow beýik hudožniklerdi. Olaryň işlerini men gowy hem golaýdan tanaýan. Olar beýik hudožnikler, elbetde, şolar ýaly sergiler edip bolsa, onuň begenjiniň aňrysynya çykar ýaly bolmaz. Ýöne arada eşidişime görä, Tokaryň sergisi Parižde açylypdyr. Hawa, ony eşidibem gaty begendim, ýöne maňa hiç kim duýdurmady, duýdurylan bolsa men, elbetde, oňa gitmäge synanyşardym. Sergä gatnaşardym. Şonuň ýaly muny gözlemeli-dä. Bu aňsat mesele däl. Hökümet tarapyndan kömek edilse, ilçihanalar tarapyndan sponsorlyk, ýardamçylyk edilse, onda şolar ýaly segileri edip bolar. Ýöne şahsy tarapdan Ýewropada sergi etmek gaty kyn.

Azatlyk radiosy: Indi geljeki planlaryň barada-da aýdyp berseň gowy bolardy.

Mommak Kuly: Indiki synanyşýan ýerim Pariž. Alla halasa, Hak ýol berse, Parižde UNESKO-nyň jaýynda bir sergi etsem diýýän. Ondan başga-da iki-üç ýere işlerim-suratlarym bilen iberen arzalarym bar. Ol taýdanam habara garaşýan.

Azatlyk radiosy:
Mommak, beren gürrüňleriň üçin köp sag bol.

Mommak Kuly: Ýatlanyňyza menem gaty minnetdar.
XS
SM
MD
LG