Sepleriň elýeterliligi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýgytly ädimi


Welsapar: "Adatça, Kreml Orsýetiň bähbitleri üçin haýsydyr bir ýurt bilen tutluşyga girende, milletçi rus metbugaty hem şol ýurduň üstüne hüjüme geçýär."

Welsapar: "Adatça, Kreml Orsýetiň bähbitleri üçin haýsydyr bir ýurt bilen tutluşyga girende, milletçi rus metbugaty hem şol ýurduň üstüne hüjüme geçýär."

Türkmenistanyň özüniň Nabucco gaz geçirijisine goşuljakdygyny yglan etmegi örän gowy habar. Ýurduň tebigy gazyny arzy bahasyndan satmak üçin hökman dürli, onda-da uly bazarlara çykalga gerek.

Ýewropa iň uly, iň baý hem iň düzgünli bazar. Nabucco gaz geçirijisi türkmen gazyny şol baý bazara çykarar. Häzire çenli Orsýetiň üstünden geçýän ýeke-täk gaz geçirijisine mätäç bolany zerarly türkmen gazy ençeme ýyllap suwdanam arzan satyldy.

Türkmenistan Nabucco taslamasyna goşulsa we bu gaz geçirijisi işläp başlasa, onda bu ýurduň durmuşyna ähli ugurlarda, aýratynam ykdysady, syýasy ugurlarda örän oňaýly täsir eder. Çünki ösen Ýewropa ýurtlary bilen söwda etse, ýurduň syýasy-ykdysady kuwwaty, halkara abraýy has artar. Tebigy gaz baý hem kanunçyl Ýewropa ýurtlaryna gönümel satylsa, Türkmenistan ilki gaz satyp, soňam onuň bahasyny diläp almakdan dynar. Gaz eksportyndan gelýän girdeji halkara gözegçiligi astynda bolup, halk öz baýlygynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik alar, Türkmenistanyň prezidentidir hökümeti hem gaz söwdasynda korrupsiýada aýyplanmakdan dynar.

Rus mediasy howsala düşdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Nabucco taslamasyna goşulmak pikiriniň bardygyny 10-njy iýulda ýurduň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýygnagynda yglan etdi. Bu, elbetde, aýgytly ädim. Ýöne bu täzelik ýaýran badyna rus köpçülikleýin habar serişdeleri howsala düşüp başladylar. Kremliň reaksiýasynyň bu ugurda nähili boljakdygyny şol habarlaryň äheňinden aňsa bolýar. Diňe Orsýetiň öz gazyna däl, tutuş Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň gaz baýlyklaryna-da monopoliýalaýyn eýelik etmäge dyrjaşýan Gazprom bu ädimi hiç bir jähtden oňlap bilmez. Gazprom – Orsýetiň döwlet kärhanasy, onuň arkasynda Kreml bar. Awtoritar dolandyryşly Kreml bolsa, gaz monopoliýasyna gezek gelende, diňe bir ykdysady däl, eýse syýasy, diplomatik we beýleki basyşlary, hatda haýbat atmak ýaly könemöwrit çäreleri-de ulanmakdan gaýdanok. Türkmenistanyň Ýewropa bazaryna gönümel çykmak mümkinçiliginiň öňüni almak üçin bu gezegem şol çäreler ulanylsa gerek.

Adatça, Kreml Orsýetiň bähbitleri üçin haýsydyr bir ýurt bilen tutluşyga girende, milletçi rus metbugaty hem şol ýurduň üstüne hüjüme geçýär. Bu eýýäm soňky 10 ýylyň dowamynda örän ýaramaz däbe öwrüldi. Türkmenistan meselesinde-de şeýle bolmagy ahmaldyr. Eger rus metbugaty Türkmenistanyň garşysyna hüjüme geçse, onda türkmen metbugaty özüni nähili alyp barar? Muny aýtmak kyn. Sebäbi türkmen metbugatynda häzirlikçe ne erk bar, ne-de ygtyýar. Ol öz esasy wezipesini ”öw” diýleni öwüp, ”döw” diýleni döwmekde, häkimiýete ýaranjaňlykda görýär. Elbetde, bu metbugatyň abraýyny aşa peseldýär, ony asla ýoga çykarýar. Oňa derek türkmen metbugaty zerur halatda beýleki ýurtlaryň metbugatlary bilen des-deň jedele girip, halkyň, topragyň bähbitlerini hiç bir görkezmesiz, buýruksyz gorasa, neneň gowy bolardy! Türkmen metbugatynyň bar işi prezidenti öwüp, başgaça pikirlenýänleri döwmek däl ahyryn, oňa özüniň garaşsyz dördünji häkimiýetdigine göz ýetirmäge çen boldy!

'Nabucco köp zady aýan edýär'

Türkmenistanyň Nabucco gaz geçirijisiniň taslamasyna goşulmagy ýurduň ykdysady, syýasy ugrunyň düýpli üýtgeýänligini aýan edýär. "Düýä münüp, hataba bukup bolmaz", bu hemmelere, şol sanda türkmen tebigy gazyna eýemsiräp ýören Kremle-de aýan. Gynansagam, bu ädimiň awtoritar dolandyryşly ýurtlaryň göwnünden turjagyna ynam az. Diýmek, mundan beýläk topragyň howpsuzlygy hakda çynlakaý alada gerek bolar. Bu ugurda iň netijeli ädim, elbetde, ýurduň halkara abraýy bilen baglanyşykly. Ýurduň halkara abraýy näçe ýokary bolsa, onuň howpsuzlyk derejesi-de şonça ýokarydyr. Ýurtda adam hukuklaryna, söz azatlygyna hormat goýulmagy, garaşsyz metbugata ýol açylmagy, oppozision partiýalaryň resmi taýdan hasaba alynmagy bu ugurdaky iň ilkinji hem iň zerur ädimlerdir.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG