Sepleriň elýeterliligi

'ABŞ - Türkmenistan ýakynlaşmasynda meýiller möhüm'


ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börns.

ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börns.

Ýakynlaşmada meýilleriň möhümligini delegasiýa gatnaşýanlaryň ýokary derejesi tassyklaýar. Amerikan delegasiýasyna ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börns baştutanlyk etdi.

Şu günki gün amerikan daşary syýasatynyň baş konsepsiýalary işlenip düzülende, bu adam esasy figuralaryň biri. Hut şol adamam geçen hepdäniň anna güni türkmen prezidenti bilen duşuşdy. Taraplaryň ikisi-de deň derejede birek-birege gerekdigine, özara zerurlyga düşünýärler.

Türkmenistanyň geosyýasy ähimiýeti

Amerika dünýäniň iň bir birahat regionyndan goldaw gözleýär. Türkmenistan amerikan goşunlarynyň täze owgan döwletiniň döwlet gurluşyny goramak üçin missiýa alyp barýan ýurdy bilen – Owganystan bilen serhetdeş. Köp ýyllaryň urşuna garamazdan, owgan topragynda harby çaknyşyklar dowam edýär. Türkmenistanyň ýene bir goňşusy Eýran. Bu ýurt bilen ABŞ täze gepleşikleri ýola goýmak isleýär. Agzalan goňşularynyň ikisi bilen-de Türkmenistanyň gatnaşyklary ýönekeý däl. Häzir regionyň döwletleri üçin sepleşip gidýän täze faktor döredi. Şol sepleşige ilkinji gezek ABŞ has ýakyndan birleşýär.

Adatça Amerika regionda ep-esli daşlykda hereket edýärdi. Bu ýerde Sowet Soýuzy, ondan soň Orsýet hojaýynlyk etdi. ABŞ-niň bu ýerde hakykatdan-da ornaşma faktory Türkmenistanyň regiondaky strategik roluny öz-özünden güýçlendirýän bolsa gerek.

Ikinji bir tarapdan, Waşington bilen ysnyşykly gatnaşyklary Aşgabada, goňşularyna, belki-de iň möhümi, ozaly bilen Orsýete täsir etmekde goşmaça utuk berýär. Çünki Türkmenistanyň Orsýet bilen edil häzirki gatnaşyklary durnukly däl. Wagtal-wagtal taraplaryň arasynda konflikt lowlap galýar. Ony gitdigiçe söndürmek kynlaşýar. ABŞ-niň Türkmenistana berýän syýasy godawy (şol goldawy amerikan delegasiýasynyň baştutany Uilýam Börns Aşgabatda ýene bir gezek nygtady) regionda öz bähbitlerini goramaga Türkmenistana goşmaça mümkinçilikdir.

“Reformalar gatnaşyklara badalga berer”

Dogrusy, şol bir wagtda Waşington üçin Türkmenistanda reformalaryň dowam etdirilmegi, Saparmyrat Nyýazow döwründe iň aňry çägine ýetirilen rejimiň gowşadylmagy möhüm. Şonuň üçinem ykdysady gatnaşyklary, ýangyç-energetika sektorynda, oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir wagtda ABŞ gumanitar ugurdan hyzmatdaşlyga, ýurduň we jemgyýetiň içki täzelenişi boýunça progressiw reformalara aktiw gatnaşmaga ýykgyn edýär.

Başgaça aýdylanda Uilýam Börns ony “türkmenistanlylaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmek” diýip atlandyrdy. Şu agzalan iki mesele biri-biri bilen sazlaşykly bolanda, Türkmenistanyň ösüşine Amerika aňrybaş netijeli ýardam edip biler. Onuň nähili netijelidigini örän ýakyn wagtlarda diňe bir döwlet gurluşlary däl, ýönekeý türkmenistanlylaram duýup başlar.

Köp synçylaryň pikiriçe, iki ýurduň özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin şu günki gün mümkinçilikler ýeterlik. Indi köp zat türkmen tarapyna, türkmen ýolbaşçylaryna bagly. Aýgytly içerki reformalar bu işe esasy badalga bolup biler. Ony diňe bir ABŞ däl, demokratiki dünýäniň ähli ýurdy hem alyp göterer hem goldar, ösdürer.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG