Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gazy 'NABUCCO' turbalaryndan Ýewropa tarap akmaga meýilli


NABUCCO turbalarynyň iň soňky nokady - Baumgarten, Awstriýa

NABUCCO turbalarynyň iň soňky nokady - Baumgarten, Awstriýa

Prezident Berdimuhamedow hökümet mejlisinde eden çykyşynda, geçirilen barlaglaryň we geologlaryň açyşlarynyň Türkmenistanda ummasyz gaz gorlarynyň bardygynyň üstüni açandygyny we emele gelen ummasyz baýlyklary serhetde satmaga mümkinçiligiň bardygyny aýtdy. Bu bolsa, “NABUCCO” ýaly proýektleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip türkmen prezidenti belledi.

Bahasy 7.9 milliard ýewro barabar 3,300 kilometrlik NABUCCO proýekti arkaly Hazaryň ýalpaklaryndaky tebigi baýlyklary Russiýadan sowa
Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda ýaşayan ýazyjy Amanmyrat Buga NABUCCO proýektine Türkmenistanyň goşuljakdygyny yglan etmeginiň ýurtda gowy garşylanandygyny aýtdy. “ Türkmenistanyň Nabucco proýektine goşulýandygyny prezidentiň agzyndan eşitmeklerini raýatlar gowy garşyladylar. Olar muňa buýsanýarlar.”

“Ýewropa iň uly we baý bazar”

Şwesiýada ýaşayan ýazyjy Akmuhammet Welsapar bolsa, munuň gowy habardygyny belledi. “ Türkmenistanyň özüniň NABUCCO gaz geçirijisine goşuljakdygyny yglan etmegi örän gowy habar. Ýurduň tebigy gazyny arzy bahasyndan satmak üçin hökman dürli, onda-da uly bazarlara çykalga gerek. Ýewropa iň uly, iň baý hem iň düzgünli bazar” diýip ýazyjy Welsapar aýdýar. “NABUCCO gaz geçirijisi türkmen gazyny şol baý bazara çykarar. Häzire çenli Orsýetiň üstünden geçýän ýeke-täk gaz geçirijisine mätäç bolany zerarly türkmen gazy ençeme ýyllap suwdanam arzan satyldy.”

Düybi Germaniýadaky Ýewraziýa Transition toparynyň başlygy Maýkl Laubşuň pikiriçe, ýakyn aýlarda Orsýet bilen dartgynly gaz gepleşiklerden soňra,
Berdimuhammedow proýekte has gyzyklanýandyklary barada Günbatara yşarat etdi.
NABUCCO proýektine goşuljakdygyny açyk yglan etmegi, türkmen hökümetiniň Günbatar Ýewropa bilen jebis hyzmatdaşlyk etmäge synanyşýandygyny subut edýär. “Çünki, türkmen hökümeti Ýewropa Bireşiginiň NABUCCO proýekti bilen içgin gyzyklanýandygyny bilýär. Meniň pikirimçe, häzir Berdimuhammedow proýekte has gyzyklanýandyklary barada Günbatara yşarat etdi” diýip syýasy analitik Laubş aýdýar. “Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň tehniki standartlaryny we gaz zapaslaryny alga alsak, bu yerde sowallar köp. Şoňa göräde, biz seresap bolmaly we Türkmenistanyň gaz gorlary baradaky statistiki kitapçasyny açyk açmajakdygyna garaşmaly. Çünki, Türkmenistanyň gaz zapaslary baradaky faktsyz, NABUCCO proyekti diňe kagyz yüzünde galyp, durmuşa geçmez.”

Ýazyjy Amanmyrat Buganyň pikiriçe, Türkmenistanyň NABUCCO proýektini goldamagy syýasy we ykdysady taýdan ýurda juda bähbitli. “Dünýä näçe köpräk aralaşyp bilsek, bizde şonça-da demokratiki institutlara ýagny, jemgyýetde demokratiýanyň ornaşmagyna ýol açylar tama bar. Ikinjiden bolsa, ýer ýüzünde bir dostuň bolandan iki dostuň, üç ýada on dostuň bolany has gowy.”

Russiýa faktory

Ýeri gelende bellesek, Hazar deňiziniň tebigy gazyny Russiýadan sowa Ýewropa akdyrjak NABUCCO turbasy arkaly ýylda iň köpi 31 milliard kub metr gaz akdyrylar diýlip garaşylýar. Onuň gurluşygyna 2011-nji ýylda başlamak göz öňünde tutulýar. Dürli metbugat habarlaryna görä, ilkibaşdan garşy bolan Moskwa entek hem NABUCCO proýektiniň amala aşjakdygyna şübhelenýär.

Amanmyrat Buga Türkmenistanyň goňşylaryndan tapawutlylykda NABUCCO proýektine goşuljakdygyny açyk yglan etmegi Moskwa ýakmaz diýýär.
Kreml ýakyn üç ýa-da dört aýda nämeleriň boljagyna garaşar.
Emma, Merkezi Aziýa boyunça germaniýaly bilermen Maýkl Laubşyň sözlerine görä, Kreml garaşmak pozisiýasyny eýelär. “Elbetde, Kreml bu ýagdaýlara rahatsyzlanýar. Türkmenistanyň soňky ädimi NABUCCO proýektiniň durmuşa geçmeginiň reallykdygyny yşarat edýär. Ýöne, Berdimuhamedowyň gaz gorlary baradaky statistikany Ýewropa Birleşigine öz peýwagtyna açmajakdygyny hem Kreml gowy bilýär” diýip Laubş belleýär. “Şeyle hem Moskwa Türkmenistanyň gazyny Russiýa eksport etmäge juda garaşly bolmagynda galýandygyna hem düşünýär. Meniň pikirimçe, Kreml ýakyn üç ýa-da dört aýda nämeleriň boljakdygyna garaşar.”

Laubş häkimiýetleriň Türkmenistana Günbatar we beýleki daşary ýurt sermaýasyny getirmek isleýändigini hem sözüne goşdy. “ Çünki, Türkmenistanyň ähli pudagy şol sanda, gaz sektory tehniki taýdan ösüşlere juda mätäç. Şonuň üçin, olar Günbataryň inwestisiýasyna garaşýarlar” diýip, Laubş Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmagynyň syýasy tarapy barada aýtdy. “Bu hususanam, Moskwa syýasy yşarat bolup durýar. Sebäbi, häzir Berdimuhamedow özüniň has garaşsyz lidere öwrülýändigini Medwedewe we Putine subut etmek isleýär. Çünki, häzir Türkmenistan bilen Günbatar hem içgin gyzyklanýar. Belki, ol Russiýa bilen gaz gepleşiklerinde hem has köp pul gazanmak isleýär. Şol bir wagtda, Berdimuhammedow hem öz ýurdunyň Russiýa juda garaşly bolmagynda galýandygyny gowy bilýär” diýip Laubş gullugymyza beren interwýusynda belledi.

Medianyň roly

Käbir synçylar şu mesele bilen bagly ýagdaýlarda metbugatyň roluna ünsi çekýärler. Çünki, geçen aprelde türkmen gazy akýan turbada partlama bolandan soňra, Kreml hususan öz mediasy arkaly reaksiýa bildirdi. Olar bolsa, Türkmenistanyň günäsi bilen partlamanyň bolandygyny köp ýazdylar. Ýazyjy Welsaparyň pikiriçe, ýene-de şeýle ýagdaýlar döräýse, türkmen mediasynyň hem reaksiýa bildirmegine wagt ýetdi.

Ýazyjy Amanmyrat Buganyň sözlerine görä, munuň üçin Türkmenistanyň habar serişdeleri erkin bolmaly we “4-nji häkimiýet” diýlen roluny ýerine ýetirmeli.

ABŞ-niň ýokary derejeli diplomaty Braýza bolsa, Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulýandygynyň uly syýasy töwekgelçiligi bar diýdi. "Şol töwekgelçiligi azaltmak üçin türkmen dostlarymyza Günbatara tarap eksport ýollaryny görkezip bileris. Degişli karary almak bilen Türkmenistan girdeýjisini şu ýollar arkaly gazanyp biler” diýip Braýza aýtdy.
XS
SM
MD
LG