Sepleriň elýeterliligi

Solana: BMG Palestina döwletini ykrar etmeli


Ýewropa Birleşiginiň daşary sýyasat boýunça ýörite wekili Hawier Solana, BMG-den Palestina döwletiniň garaşsyzlygyny bir taraplaýyn ykrar etmegini isleýändigini aýtdy.

Solana bu barada eden çykyşynda, eger Ysraýyl Palestinalylar bilen parahatçylyk boýunça ylalaşyga gelmäge razy bolmasa, BMG Ysraýyla basyş etmek üçin şeýle karara gelmelidir diýdi.

Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman bolsa, Solananyň bu pikrini ret etdi.
XS
SM
MD
LG