Sepleriň elýeterliligi

Waşington-Pekin gepleşikleri geçiriler


ABŞ-niň täze ýolbaşçysy Obama häkimiýet başyna geçenden soň Pekin bilen Waşingtonyň arasynda Stratigiki we Ykdysady meseleler boýunça geçiriljek ilkinji gepleşikler, iýul aýynyň 27-28-ne planlaşdyrylýar.

Bu ýygnak ABŞ-niň Döwlet departamenti we Maliýe ministrligi tarapyndan gurnalýar. Ak Tam, ýygnagyň nobatdaky tapgyrynyň regional we global meseleler boýunça özara ykdysady we stratigiki bähbitlere gönükdüriljekdigini mälim etdi.

Bu ýygnakda ABŞ-e Döwlet sekretary Hillari Klinton we Maliýe Ministri Timoti Geitner we Hytaýa bolsa wise-premýer Wan Kişan bilen beýleki ýolbaşçylar wekilçilik eder.

XS
SM
MD
LG