Sepleriň elýeterliligi

Ylham Aliýew: Daglyk Garabagyň garaşsyzlygy mümkin däl


Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Daglyk Garabag regionynyň garaşsyz ýurt hökmünde geljekde ykrar edilmegi barada hiç hili umydyň ýokdygyny aýtdy.

Ol düýbi Londonda ýerleşýän Çatam Hous atly institutda eden çykyşynda, Daglyk Garabagyň garaşsyz ýurt hökmünde ykrar ediljekdigini umyt etmekligiň gülkünç ýagdaý boljakdygyny aýtdy.

Azerbeýjan bilen Ermenistanyň ýolbaşçylarynyň anna güni Moskwada duşuşmagyna garaşylýar. Şonda olar 15 ýyldan bäri dowam edýän bu konflikt barada hem pikir alyşarlar.

Mälim bolşuna görä, Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatist etniki ermeniler, 1990-njy ýylda Daglyk Garabagy Azerbeýjanyň kontrollugyndan alypdylar.
XS
SM
MD
LG