Sepleriň elýeterliligi

Dünýä metbugaty NABUCCO boýunça türkmen gazyna syn berýär


Dünýä metbugaty NABUCCO boýunça türkmen gazyna syn berýär.

Dünýä metbugaty NABUCCO boýunça türkmen gazyna syn berýär.

Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmaga taýýardygyny yglan etmegi bilen halkara habar beriş serişdeleri we synçylar dürli pikirleri orta atdylar.

“Owal türkmen resmileri NABUCCO proýekti bilen gyzyklanýandyklaryny köp aýtdylar. Emma, prezident Berdimuhamedowyň 10-njy iýuldaky beyannamasy netijesinde Amerikanyň goldayan bu proyektine Aşgabadyň goşulýandygy anyk boldy” diýip, düýbi ABŞ-däki Eurasianet internet sahypasy 13-nji iýulda ýazdy.

“Emma ekspertler Türkmenistanyň jemgyýetçilige beryän wadalaryny durmuşa geçirmek üçin hereket etjekdigine şübhelenýärler. Olar Aşgabat NABUCCO proýektine goşulýandygy barada ylalaşyga gol goýýança, bu wadasyna ynanmaýarlar” diýip Eurasianet belledi.

“Eger yglan edilşi ýaly tebigi gazy bar bolsa, onda Türkmenistanyň Orsýet, Hytaý we beyleki müşderileri bilen baglaşan ylalaşyklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin tebigi gazy ýeter” diýip Orsýetli
analitik Witaliý Krýukow aýtdy.

Kreml faktory

“ Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmazlygy üçin Gazprom syýasy we ykdysady ugurda elde baryny eder. Emma, onuň şeýle tagallarynyň netijesini wagt görkezer ” diýip Krýukowyň belländigini, Amerikadaky Eurasianet internet sahypasy düýn ýazdy.

“Wremýa Nowosteý” gazetiniň Aşgabatdaky ynamly çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamedowyň NABUCCO barada yglan etmegi garaşylmadyk zada ýa-da şowhunly dabara meňzeýär. "Çünki ol öňünden hökümetde ýa-da ekspertler bilen işlenmedi" diýip “Wremýa Nowosteý” gazýetinde Dubnow düýn ýazdy.

Düýbi Londondaky Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň makalasynda Türkmenistanyň içinde guruljak täze gaz turba barada gürrüň edilýär.

Moskwadaky Karnegi merkeziniň bilermeni Malaşenkonyň sözlerine görä, prezident Berdimuhamedow Kremliň täsiriniň gowşan wagtynyň gelip ýetendigine düşünýär. Aşgabadyň esasy aladasy Gazproma garşy durmak. Bu ýerde soňy näme bilen gutarjakdygy näbelli möhüm syýasy oýun gidýär” diýip Malaşenko aýtdy.

Şol bir wagtda beýlekiler, alternatiw ýollar barada gürrüň etmek bilen Aşgabadyň Orsýetliler bilen kyn bolan gaz söwdasyndan halas bolmagyň peýdaly ýoluny gözleýändigine ynanýarlar. “Eger Aşgabat başga proýektler boýunça ädimler ätmäge başlasa, onda Orsýet öz talaplaryny keserdip goýup bilmez. Emma Kreml gazyň bahalary barada şikaýat eder we turbadaky partlamalar üçin öwez tölegini sorar” diýip, Türkmenistanly ekspert aýtdy.

Malaşenkonyň pikirine görä, eger Aşgabat beýleki hyzmatdaşlar bilen ylalaşmasa, onda yzyna Orsýete dolanar. Emma Türkmenistanly ekspertiň pikirine görä, “oýun dowam edýär” diýip, düýbi Londondaky Uruş we Parahatçylyk maglumatlar instituty ýazdy.

Orsýetiň RBK neşiriniň bellemegine görä, Merkezi Aziýa-Hytaý turbasynyň gurulmagy bilen Gazprom diňe Merkezi Aziýa döwletlerine täsirlerini däl-de, Hytaýa öz gazyny satmakda haýsydyr bir artykmaç mümkinçiligini hem ýitirýär diýip ekspertler çaklaýarlar.

Töwekgelçilik bar emma…

Orsýetiň “Wremýa Nowosteý” gazetinde žurnalist Arkadiý Dubnowyň bellemegine görä, Türkmenistan şu wagta çenli NABUCCO proýektine goşulmak planlary barada açyk aýtmak töwekgelçiliginden saklandy. “Dünýä bazarlaryna gaz eksportunda dürli ýollary ulanmak syýasatyny yglan etmek bilen, Aşgabat özara bäsleşýän Orsýetli, Hytaýly we Ýewropaly gaz müşderileriniň gapma garşylygynda oýnamaga çalyşdy. Şol bir wagtda, Aşgabat entek özüniň gaz akdyrýan ýeke-täk alyjysynyň Orsýetdigi üçin NABUCCO goşulmak bilen Kremliň “degnasyna degmezlige” çalyşdy.”

Trend Capital agentliginiň habaryna görä, ABŞ-niň ýokary derejeli diplomaty Metýu Braýza, Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmagynyň uly syýasy töwekgelçiligi bar diýip belläpdir. "Şol töwekgelçiligi kemeltmek üçin türkmen dostlarymyza Günbatara tarap eksport ýollaryny görkezip bileris. Şeýle karary almak bilen Türkmenistan bu ýollar arkaly girdeýji gazanyp biler” diýip ýokary derejeli Amerikan diplomaty Metýu Braýza Trend Capital agentligine aýtdy.
XS
SM
MD
LG