Sepleriň elýeterliligi

Günorta Owganystanda wertalýot heläkçilige uçrady


Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynda wertalýot heläkçilige uçrap, azyndan 7 adamyň ölümine sebäp boldy. Bu barada NATO-nyň metbugat sekretary maglumat berip, heläk bolanlaryň hemmesiniň parahat ýaşaýjylardygyny aýtdy.

Sanjin regionynda ýüze çykan wertalýot heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl.

Talyplaryň topary bu wertalýoty özleriniň urup ýykandyklaryny öňe sürdüler. Heläkçilige şaýadyň aýtmagyna görä, wertalýot asmanda ot alypdyr, soňra ol ýere gaçypdyr.
XS
SM
MD
LG