Sepleriň elýeterliligi

Eýranda sünnileriň gözgalaňçy toparyndan 13 adam jezalandyryldy


Eýranda sünnileriň gözgalaňçy toparyndan 13 adam jezalandyryldy. Bu barada Eýranyň resmi metbugatynda maglumat berildi. Onda Jundallah toparyndan 13 adamyň Zahedan şäheriniň türmesinde jezalandyrylandygy aýdylýar. Olaryň neşe gaçakçylygynda, adam ogurlamakda, adam öldürmekde aýyplanandyklary habar berilýär.

Şeýle hem olaryň Eýranyň Päkistan hem-de Owganystan bilen araçäginde ýerleşýän regionlarynda sünni we şaýy musulmanlaryň arasynda dartgynlylygy emele getirýän hereketleri edendikleri aýdylýar.

Ynsan hukuklary boýunça Amnesty International guramasy, geçen ýyl Eýranda ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sanynyň, Hytaýdan soň iň ýokary bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG