Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropa Parlamentininiň ýolbaşçysy saýlandy


Şu gün Ýewropa Parlamentininiň ýolbaşçysy saýlandy. Bu wezipä taryhda ilkinji gezek öňki “kommunistik lagerinden” bolan ýurduň wekili, Polşanyň öňki premýer ministri Ýeži Buzek saýlandy.

69 ýaşly Ýeži Buzegi parlamentiň 3 iri fraksiýasy goldapdyr. Ony goldan sosialistler, liberallar hem-de konserwatorlar jemi parlamentdäki 736 orundan 533-sini eýeleýärler.

Ýeži Buzek 1997-nji - 2001-nji ýyllar aralygynda Polşanyň hökümetine ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de ol “Raýdaşlyk” atly demokratiki kärdeşler arkalaşygynyň agzasy bolupdy. Bu arkalaşyk 1989-njy ýylda Polşadaky saýlawlarda ýeňiş gazanyp, kommunistiki režimiň dargamagyna getiripdi.

Ýeži Buzek bu wezipäni 2011-nji ýyla çenli eýelär diýlip bu baradaky maglumatda habar berilýär.

XS
SM
MD
LG